Xbox aýakda: Microsoft oýun konsolynyň äheňinde krokslary çykardy

  • 28.11.2025 11:10
  • 3.9k+

Microsoft kompaniýasy Xbox 360-yň 20 ýyllygy mynasybetli ýönekeý we ýeňil plastik aýakgaplaryň – krokslaryň çäkli sanyny çykardy. Olar konsolyň özboluşly reňklerini öz içine alýar we kontrollýoryň düwmelerine we joýstiklerine meňzeş elementler bilen bezelen. Satuwlar 25-nji noýabrda başlady diýip, The Verge gazeti ýazýar.

Ozal, oktýabr aýynda Microsoft ilkinji gezek Crocs bilen hyzmatdaşlyk edip, Windows XP stilindäki Krokslary çykardy. Olar satuwa çykarylmasa-da, köpçülikde uly gyzyklanma döretdi. Görnüşi ýaly, şunuň özi bu täze taslamany — Xbox 360 stilindäki krokslary synap görmek üçin ýeterlik boldy. Aýakgaplar çäkli möçberde satylar.
Mundan başga-da, meşhur oýunlaryň gahrymanlaryny we logotiplerini öz içine alýan podweskalary satyn alyp bolýar.
Aýakgaplaryň bahasy 80 dollar, oýnuň ýa-da gahrymanyň logotipi bolan her bir podweskanyň (Jibbitz-iň) bahasy bolsa 20 dollar. Krokslaryň esasy görnüşinde kontrollýoryň ähli dolandyryş elementleri bar we podweskalar üçin deşikler gaýyş bagynda ýerleşýär.
Kroks aýakgaplary takmynan 25 ýyl bäri bar. Ilki başda ýahtmenler we suw sporty üçin işlenip düzülen bu aýakgaplar lukmançylyk işgärleriniň arasynda hem geýmäge amatlylygy we dezinfeksiýa etmegiň aňsatlygy sebäpli meşhurlyk gazandy, bu bolsa COVID-19 pandemiýasy döwründe has-da peýdaly boldy. Krokslar 2006-njy ýylda geljekde diňe şu aýakgaplary geýýän adamlary suratlandyrýan utopiýa garşy gülküli film "Idiokratiýanyň" täsiri bilen giňden meşhurlyk gazandy.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...