Disney-iň inženerleri “Doňan ýürekden” Olafyň robotyny döretdi

  • 28.11.2025 10:58
  • 4k+

Walt Disney Imagineering kompaniýasynyň inženerleri “Doňan ýürek” (Холодное сердце) animasion filminiň gahrymany Olafyň robotyny hödürledi. Ol multfilmdäki prototipi ýaly görünýär, hereket edýär we gürleýär diýip, Disney-iň metbugat gullugy habar berdi.

Roboty döretmek prosesi YouTube-da We Call It Imagineering filminde görkezildi.
Döredijiler tomaşaçylaryň tanyş Olafy, janly, bilesigeliji we şadyýan gahrymany görmegi üçin gar adamynyň her bir hereketine üns berdi. Onuň daşky keşbiniň üstünde-de aýratyn işlendi: onuň göwresi öwşün atýan süýümiň netijesinde hakyky gar ýaly ýalpyldaýan we robotyň her bir hereketi bilen hereket edýän ýörite materialdan döredildi.
Kompaniýanyň wekilleri gahrymanyň her bir hereketiniň hakykata golaý bolmagyny gazanmak üçin filmiň üstünde işlän Walt Disney Animation Studios-yň animatorlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edendiklerini belledi.
Işläp düzüjiler tehnologiýanyň Disney Imagineering-iň storiteller we inženerler toparynyň işine esaslanýandygyny aýtdy. Olar ilki häsiýetden başlady, soňra gahrymany janlandyrmak üçin gurallary döretdi. Olar Olafyň “Ýyldyz söweşlerindäki” BDX droidlerinden has çylşyrymly robot bolandygyny, çünki şadyýan gar adamynyň “ýumşak” hereketleri talap edýändigini belledi.
Şeýle-de, döredijiler Olafyň göwresiniň, agzynyň, gözüniň we käşir burnunyň doly hereket edýändigini belläp geçdi. Gahryman gürläp we söhbetdeş bolup bilýär. Topar hakykata laýyklygy gazanmak üçin reinforcement learning emeli aň usulyny ulandy.
Olaf roboty tiz wagtdan Pariždäki we Gonkongdaky Disneýlendlerde peýda bolar. 


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....