Volkswagen Passat sedany täze, gibrid wersiýasyna eýe boldy

  • 26.11.2025 12:09
  • 3.4k+

Volkswagen kompaniýasy Passat ePro atly goşmaça gibridli (hybrid) Passat sedanyny tanyşdyrdy. Autonews-iň habar bermegine görä, ulagyň premýerasy Guançžou Awto sergisinde boldy.

Bu täzelik Hytaý bazary üçin SAIC we nemes kompaniýasy Volkswagen-iň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan döredildi.
Passat ePro PHEV (Plug-in Hybrid Electric Vehicle) tehnologiýasy esasyndaky gibrid desga bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu, içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň (IÝH) generator hökmünde işleýän we göni tekerlere baglanmaýan yzygiderli gibriddir. IÝH-niň we elektromotorlaryň umumy kuwwaty 250 at güýjünden biraz ýokarydyr.
Dizaýn boýunça bu model Passat üçin tanymal bolan, asuda stilde ýerine ýetirilendir. Öň tarapynda inçe LED zolakly minimalistik faralar, yz tarapynda bolsa Hytaý üçin öndürilýän häzirki zaman Volkswagen modellerine mahsus bolan ýekeje yzky çyralar blogy ýerleşdirilendir.
Awtoulagyň içki dizaýnynda-da minimalizm agdyklyk edýär. Esasy elementler iki sany ekrandyr: enjamlar paneli we multimedia ulgamy. Fiziki düwmeler az; suratlardan görnüşi ýaly, olar diňe rulda we gapylarda ýerleşýär. Düzülişine garanyňda, ulagyň funksiýalarynyň köpüsi merkezi displeý arkaly dolandyrylar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......