Guançžoudaky awtosalonda täzelenen Toyota Corolla tanyşdyryldy

  • düýn 11:37
  • 4.2k+

Guançžou awtosalonynda täzelenen Toyota Corolla görkezildi. Model ýörite Hytaý bazary üçin gaýtadan dizaýn edildi we ol ýerde FAW–Toyota bilelikdäki kärhanasynda öndürilýär.

Autonews neşiriniň habar bermegine görä, esasy üýtgeşmeler sedanyň öň bölegine degip geçdi. Indi awtoulagyň daşky görnüşi markanyň häzirki zaman stilini tassyklaýar we 2022-nji ýylda ilkinji gezek tanyşdyrylan täze nesil "Prius" modelini ýatladýar.
Täze görnüşde öňki aýry-aýry faralar ýok edildi – olaryň ýerine bitewi yşyklandyryş blogy goýuldy. Faralaryň özleri C şekilli boldy.
Öňki bamper has kiçi howa sorujy we ýiti burçlary bolmadyk ýalpak çyzyklar bilen bezeldi.
Yzky böleginde üýtgeşmeler ep-esli az: yzky çyralar birneme garaldylan edildi.
Hereketlendirijileriň hatary öňküligine galdy. "Corolla" ozalkysy ýaly 1,8 litrlik benzin hereketlendirijisiniň esasyndaky gibrid toplumy, şeýle hem adaty 2 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen elýeterli.
Mundan öň, "Toyota" Japan Mobility Show 2025 sergisinde täze nesil "Corolla" sedanyň konsepsiýasyny görkezdi. Bu konseptual görnüşi özüniň has dykyz we geometrik dizaýn çyzyklary hem-de elektrik awtoulaglary üçin has adaty bolan proporsiýalary bilen häzirki, 12-nji nesil modelinden doly diýen ýaly tapawutlanýar.


23.11.2025 22:32
6.4k+

Toyota awtoulaglarynyň dizaýnyny dokuz ýyllap üýtgetmez

Toyota awtoulaglaryny döwrebaplaşdyrmak üçin öz çemeleşmesini täzeden gözden geçirmegi meýilleşdirýär. Öň modeller her dört-bäş ýylda täzelenýärdi, 2000-nji ýyllarda bolsa bu döwür takmynan ýedi ýyla çenli uzaldyldy...

23.11.2025 00:00
3k+

Toyota RAV4 Hytaýda iki wersiýada hödürlendi

Toyota kompaniýasy Guançžoudaky awtosalonda ýazda görkezilen RAV4 krossoweriniň iki ýerli wersiýasyny tanyşdyrdy. Täze wersiýalar Toyota-nyň GAC we FAW bilen bilelikdäki kärhanalarynda öndüriler. Wersiýalaryň ikisi-de hytaý bazarynyň talaplaryna görä sazlandy we global modelden tapawutlanýar...

21.11.2025 22:31
6.7k+

Toyota Land Cruiser-i pikaba we üç hatarly krossowere öwürmegi meýilleşdirýär

Geljek birnäçe ýylda Land Cruiser ady, öň bu meşhur ulag maşgalasy bilen baglanyşykly bolmadyk iki täze modelde peýda bolar. "Best Car Web" neşiriniň habaryna görä, Toyota öz hataryna pikaby we göteriji kuzowly (çarçuwasyz) üç hatarly krossoweri goşar...

20.11.2025 11:00
3.9k+

ABŞ-da Toyota Tacoma-nyň satuwy 61% ýokarlanyp, onýyllygyň rekordyny goýmaga golaýlaýar

Toyota Tacoma, bäsdeşlerinden ep-esli arany açmak bilen, ABŞ-da iň geçginli orta göwrümli awtoulag boldy. 2025-nji ýylyň birinji üç çärýeginde 204 464 sany ulag satyldy, bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 61,2 % köp diýmekdir diýip, Motor1 ýazýar...