Guançžoudaky awtosalonda täzelenen Toyota Corolla tanyşdyryldy

  • 24.11.2025 11:37
  • 8k+

Guançžou awtosalonynda täzelenen Toyota Corolla görkezildi. Model ýörite Hytaý bazary üçin gaýtadan dizaýn edildi we ol ýerde FAW–Toyota bilelikdäki kärhanasynda öndürilýär.

Autonews neşiriniň habar bermegine görä, esasy üýtgeşmeler sedanyň öň bölegine degip geçdi. Indi awtoulagyň daşky görnüşi markanyň häzirki zaman stilini tassyklaýar we 2022-nji ýylda ilkinji gezek tanyşdyrylan täze nesil "Prius" modelini ýatladýar.
Täze görnüşde öňki aýry-aýry faralar ýok edildi – olaryň ýerine bitewi yşyklandyryş blogy goýuldy. Faralaryň özleri C şekilli boldy.
Öňki bamper has kiçi howa sorujy we ýiti burçlary bolmadyk ýalpak çyzyklar bilen bezeldi.
Yzky böleginde üýtgeşmeler ep-esli az: yzky çyralar birneme garaldylan edildi.
Hereketlendirijileriň hatary öňküligine galdy. "Corolla" ozalkysy ýaly 1,8 litrlik benzin hereketlendirijisiniň esasyndaky gibrid toplumy, şeýle hem adaty 2 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen elýeterli.
Mundan öň, "Toyota" Japan Mobility Show 2025 sergisinde täze nesil "Corolla" sedanyň konsepsiýasyny görkezdi. Bu konseptual görnüşi özüniň has dykyz we geometrik dizaýn çyzyklary hem-de elektrik awtoulaglary üçin has adaty bolan proporsiýalary bilen häzirki, 12-nji nesil modelinden doly diýen ýaly tapawutlanýar.


07.06.2026 19:49
2.7k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.1k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....