Toyota awtoulaglarynyň dizaýnyny dokuz ýyllap üýtgetmez

  • 23.11.2025 22:32
  • 8.9k+

Toyota awtoulaglaryny döwrebaplaşdyrmak üçin öz çemeleşmesini täzeden gözden geçirmegi meýilleşdirýär. Öň modeller her dört-bäş ýylda täzelenýärdi, 2000-nji ýyllarda bolsa bu döwür takmynan ýedi ýyla çenli uzaldyldy. Indi bolsa ol dokuz ýyl bolar.

Nikkei agentliginiň maglumatlaryna görä, öndüriji uly dizaýn üýtgeşmeleriniň ýerine programma üpjünçiligini (PU) täzelemeklige üns berer.
Bu çemeleşme Toyota kompaniýasyna awtoulaglaryň öndürijiligini gowulandyrmaga, täze sürüjä kömek ulgamlaryny birleşdirmäge we abuna ýazylyş esasyndaky goşmaça funksiýalary goşmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa önümçilik döwürleriniň has uzalmagyna we üpjünçiligiň has durnukly bolmagyna getirer. Şeýle hem kompaniýa bahalary has çeýe etmegi meýilleşdirýär.
Şeýle-de bolsa, Toyota-nyň Ýaponiýadaky käbir dilerleri täze çemeleşmeden nägile boldular. Olar modelleriň uzaldylan ömür aýlawlarynyň fonunda bahalaryň üýtgemegi girdejilere täsir edip biler diýip hasaplaýarlar. Toyota kompaniýasynyň özi ortaça lomaý bahalaryň dokuz ýyllyk döwrüň dowamynda durnukly galjakdygyny aýdýar.
Pudakda eýýäm şuňa meňzeş çemeleşmäni ulanýan kompaniýalar bar. Mysal üçin, Tesla Model S-iň we Model X-iň platformalaryny çykandan bäri üýtgetmedi.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......