Toyota RAV4 Hytaýda iki wersiýada hödürlendi

  • 23.11.2025 00:00
  • 3.9k+

Toyota kompaniýasy Guançžoudaky awtosalonda ýazda görkezilen RAV4 krossoweriniň iki ýerli wersiýasyny tanyşdyrdy. Täze wersiýalar Toyota-nyň GAC we FAW bilen bilelikdäki kärhanalarynda öndüriler. Wersiýalaryň ikisi-de hytaý bazarynyň talaplaryna görä sazlandy we global modelden tapawutlanýar.

GAC bilen bilelikdäki kärhanada çykarylýan görnüş Wildlander adyny aldy. Ol global RAV4-üň has agras görnüşini gaýtalaýar we kuzowyň reňkinde öýjük görnüşli radiator gözenegine hem-de çekiç şekilinde faralara eýe boldy.
Wildlander-iň uzynlygy 4600 mm, FAW-dan RAV4-üň uzynlygy 4620 mm. Modelleriň ikisi-de täzelenen Toyota TNGA-K platformasynda guruldy, tigir bazasy global wersiýa bilen deň – 2690 mm.
FAW-Toyota entek modeliň tehniki aýratynlyklary barada maglumat bermedi, ýöne GAC-Toyota has giňişleýin maglumatlary hödürledi. Krossoweriň içinde ulaldylan ekranlar oturdyldy: 15,6 dýuýmlyk merkezi displeý, 8,8 dýuýmlyk sanly enjam paneli, şeýle-de 26,4 dýuýmlyk proýeksiýa ekrany. Üpjünçiligiň arasynda panorama lýugy, gyzdyrylýan we wentilýasiýaly oturgyçlar, iki zolakly klimat-dolandyryş, ýüzi tanamak ulgamy, ses dolandyryşy we beýleki funksiýalar bar.
Esasy aýratynlyk täze güýç enjamlary boldy. Hatara gibrid bolmadyk 171 at güýjüni berýän iki litrlik benzin hereketlendirijisi girer (dünýä bazarynda RAV4 diňe gibrid). Şeýle-de, öz-özünden zarýad alýan iki gibrid hödürlener: 196 a.g. kuwwatly iki litrlik we E-Four doly herekete getirijisi bilen 239 a.g. kuwwatly 2,5 litrlik.
GAC-Toyota-dan Wildlander-iň bahasy 169,9-230,8 müň ýuana (takmynan, 23,8-32,3 müň dollar) barabar. 


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......