Türkmenistanyň Mejlisi 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanuny kabul etdi

  • 24.11.2025 09:40
  • 7.2k+

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda deputatlar birnäçe kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahata wise-premýerler, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

“Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna seretmek maslahatyň gün tertibindäki esasy mesele boldy. Bellenilişi ýaly, bu kanunçylyk taslamasy taýýarlanylanda, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, gelip gowşan teklipler öwrenilip, ol milli parlamentiň ähli komitetlerinde deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda giňden seljerildi.
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk toplumlary, ulag-aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty ýaly binýatlaýyn pudaklary depginli ösdürmek göz öňünde tutulýar. Tassyklanylan durmuş-ykdysady strategiýa görä, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde iri taslamalaryň, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, ulag-aragatnaşyk, önümçilik düzümleriniň täze desgalarynyň gurulmagyna, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň, ylymda, tehnikada soňky gazanylanlaryň giňden ornaşdyrylmagyna iri möçberli serişdeler bölünip berilýär.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň esasy maliýe resminamasynda serişdeleriň köp bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge niýetlenendir. Şeýlelikde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary ölçeglere ýetirmegi baş maksat edinýän ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş ugruna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy ulgamlaryna gönükdiriler. Şoňa görä, parlamentariler çykyşlarynda ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna täze iş orunlaryny döretmegiň, adamlaryň zähmetiniň netijeliligini, ýaşaýyş dowamlylygyny, bilim derejesini, intellektual, medeni mümkinçiliklerini artdyrmagyň, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmegiň, raýatlaryň goraglylygyny üpjün etmegiň durmuş ugurly syýasatyň geljek ýyldaky esasy maksatlary bolmagynda galjakdygyny nygtadylar.
2026-njy ýylda telekeçiligi goldamak babatda-da çäreler meýilleşdirildi.
Deputatlar “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler. Şeýle-de “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň karary biragyzdan kabul edildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 130 120 191,1 müň manat we çykdajylar boýunça 128 145 129,5 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklanyldy.

 


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.2k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
753

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......