Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

  • 22.11.2025 23:26
  • 6.6k+

Sankt-Peterburga saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy gaznanyň alyp barýan işleri barada aýdyp, soňky ýyllarda haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesine lukmançylyk operasiýalarynyň geçirilendigini belledi. Şeýle hem bu düzüm halkara ynsanperwerlik işine möhüm ähmiýet berýär. Hususan-da, gazna tarapyndan Russiýadaky, Türkiýedäki, Owganystandaky, Palestinadaky, Täjigistandaky we beýleki ýurtlardaky çagalara ynsanperwerlik kömekleri iberildi. Şunuň bilen birlikde, beýleki ýurtlaryň haýyr-sahawat düzümleri, ynsanperwer ugurly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär. Ilkinji nobatda, inklýuziw bilim, çagalaryň saglygyny goramak, durmuş goldawynyň döwrebap ulgamlary ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribä gyzyklanma bildirilýär.
Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň bu ulgamlarda baý tejribesiniň bardygyny, Türkmenistanyň we Russiýanyň ugurdaş edaralarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de bilim we tejribe alyşmagyň russiýaly hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan täze usulyýetleri ornaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
W.Matwiýenko strategik hyzmatdaşlyk, umumy medeni däpler bilen baglanyşýan ýurtlarymyzyň ynsanperwer ulgamda bilelikdäki işiň baý tejribesini toplandyklaryny aýdyp, şu günki duşuşygyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze gözýetimleri açýandygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu ýylyň martynda Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata Russiýanyň wekiliýetiniň hem işjeň gatnaşandygyny aýdyp, 10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini we bu foruma Russiýa Federasiýasynyň ýokary wekilçilikli wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler şu günki gepleşikleriň ösüp gelýän ýaş nesilleriň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Oguljahan Atabaýewa hem-de Walentina Matwiýenko «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň sergi ekspozisiýalaryny synladylar. Sergide Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryndan gelen meşhur dizaýnerler, brendler we önüm öndürijiler, halkara hyzmatdaşlar moda pudagynda gazanylan täzelikler bilen tanyşdyrdylar. 
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Tawriçeskiý köşgünde Russiýa Federasiýasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň we beýleki ýurtlaryň dizaýnerleriniň moda görkezilişine tomaşa etdi.
Onda foruma gatnaşyjy her bir ýurduň medeni-durmuş özboluşlylygyny beýan edýän milli we döwrebap lybaslar görkezildi. Moda görkezilişinde türkmen gelin-gyzlarynyň zehininden dörän nepis keşdeler bilen bezelen milli lybaslara hem aýratyn orun berildi.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......