Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburgda «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

  • 22.11.2025 13:52
  • 6.1k+

19-20-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşdy.

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburgda Tawriçeskiý köşgünde geçirilýän «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasyna gatnaşdy. «Modanyň Arkalaşygy» halkara forumy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda moda pudagyny, dokma senagatyny we dizaýny ösdürmäge bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän çäredir. Ol tejribe alyşmak, täze egin-eşik toplumlaryny tanyşdyrmak, pudagy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, dizaýnerleri, ugurdaş hünärmenleri, bilermenleridir işewürleri bir ýere jemleýär.
Halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasynda moda pudagynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň bilermenleri sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik moda ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy wekilçilikli forumda eden çykyşynda ýurdumyzda bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada durup geçdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda adam saglygy barada alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda 1995-nji ýyldan bäri «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde hem-de «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýanyň esasynda adamlaryň saglygyny goramak üçin ähli amatly şertler döredildi. Sanitar-ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, azyk önümleriniň hiline, amatly zähmet, bilim, durmuş, dynç alyş şertleriniň üpjün edilmegine, ahlak gymmatlyklarynyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn üns berilýär.
Oguljahan Atabaýewa halkara tejribäniň milli derejedäki alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmaga goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar bilen yzygiderli we uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmaga, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi.
Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary geçirildi. Şeýle hem onuň ýanynda çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Diňe şu ýylyň özünde merkezde 900-e golaý çaga bejergi aldy.
Çykyşynyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa gaznanyň hyzmatdaşlyk etmäge, tutuş dünýäde adamlaryň saglygyny goramagyň bähbidine bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga açykdygyny aýdyp, özara tagallalar bilen bu maksatlary gazanmaga uly goşant goşup boljakdygyna ynam bildirdi.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......