Türkmenistanyň Mejlisi 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda kanunyň taslamasyny maslahatlaşar

  • 22.11.2025 07:25
  • 8k+

Şu gün, 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty geçiriler.

Maslahat sagat 15:00-da başlanar.
21-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa maslahata görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen baglaşan halkara şertnamasyny hem-de öň goşulan Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanun taslamalaryna garalar.
Şeýle-de “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.2k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
753

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......