Apple 2025-nji ýylyň App Store Awards baýragynyň finalçylaryny yglan etdi

  • 21.11.2025 12:09
  • 1.2k+

Apple kompaniýasy App Store Awards ýyllyk baýragynyň finalçylarynyň sanawyny yglan etdi. Oňa kompaniýanyň dürli enjamlary üçin iň gowy programmalar we oýunlar gatnaşýar.

Şu ýyl App Store-yň redaksion topary 45 programma önümini saýlady.
Finalçylar Apple-iň her bir platformasy, şeýle-de Apple Arcade üçin aýratyn görkezildi. Bulardan başga-da, uly medeni täsiri ýetiren, ulanyjylara jemgyýet bilen has gowy gatnaşmaga kömek eden we täze aragatnaşyk usullaryny açan programmalar aýratyn kategoriýa bölündi.
iPhone üçin ýylyň programmasy:

  • BandLab — sazandalar üçin aýdym-saz ýazmaga we garyşdyrmaga mümkinçilik berýän programma;
  • Ladder — güýç türgenleşikleri boýunça kömekçi;
  • Tiimo — iş sanawlaryny düzmek üçin gündelik meýilnamalaşdyryjy.

iPhone üçin ýylyň oýny:

  • Capybara Go! — kapibaranyň rolunda haýwanat dünýäsinde başdangeçirmeler;
  • Pokémon TCG Pocket — pokemonly kartoçkalary ýygnamak baradaky oýnuň wirtual görnüşi;
  • Thronefall — strategiki oýun bolup, onda galany duşmanlardan goramaly.

iPad üçin ýylyň programmasy:

  • Detail — emeli aň funksiýalary bilen wideoredaktor;
  • Graintouch — gatlaklary we wizual effektleri bolan grafiki redaktor;
  • Structured — senenama we wagt şkalasy bilen edilmeli işleri meýilnamalaşdyryjy.

iPad üçin ýylyň oýny:

  • Dredge — balyk tutmak we ýerleri öwrenmek barada başdangeçirmeli horror oýny;
  • Infinity Nikki — özboluşly oýun mehanikasy bolan başdangeçirmeli oýun;
  • Prince of Persia: The Lost Crown — köpden bäri meşhur baş gahryman bilen ekşn-platformer.

Mac üçin ýylyň programmasy:

  • Acorn — surat redaktirlemek üçin gural;
  • Essayist — maglumatlary gözlemek we ylmy işleri taýýarlamak üçin programma;
  • Under My Roof — öýdäki ähli zatlary göz öňünde tutup, öý hojalygyny dolandyrmak üçin programma.

Mac üçin ýylyň oýny:

  • Assassin’s Creed Shadows — meşhur seriýanyň feodal Ýaponiýada bolup geçýän täze bölümi;
  • Cyberpunk 2077: Ultimate Edition — açyk dünýäde başdangeçirmeli oýun;
  • Neva — garaşsyz ispan studiýasyndan ekşn-platformer.

Beýleki kategoriýalarda finalçylary şu salgy boýunça görüp bilersiňiz. Ähli ýeňijiler ýylyň ahyryna golaý yglan ediler. 


düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....