Türkmen talyplary Polşada ISTCiM-2025 olimpiadasynda 2 kümüş medal aldylar

  • 19.11.2025 13:56
  • 5.8k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 6-9-njy noýabrda Polşanyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 7-nji Halkara toparlaýyn matematika bäsleşigine (International Students Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2025) gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, bu bäsleşige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyplary Bendow Kerimguly we Haýytmuhammedow Yslam toparlaýyn bäsleşikde üstünlikli çykyş edip kümüş medala mynasyp boldular. Uniwersitetiň talyby Bendow Kerimguly şahsy hasapda geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp kümüş medala mynasyp boldy.
Sileziýa uniwersitetinde geçirilen bu abraýly bäsleşige Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hem Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.


19.06.2026 18:41
2.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......