Samsung 90Hz ekranly we Dolby Atmos dinamikli elýeterli Galaxy Tab A11+-y çykardy

  • 19.11.2025 12:27
  • 1.4k+

Samsung sentýabr aýynda satuwa çykarylan has amatly bahaly Galaxy Tab A11-iň kämilleşdirilen görnüşi bolan täze Galaxy Tab A11+ planşetini çykardy. Modele has çalt prosessor, ulaldylan ýat we goşmaça funksiýalar goşuldy.

Planşet 90 Hz täzelenme ýygylygy we 1920x1200 piksel durulygy bolan 11 dýuýmlyk LCD displeýi bilen enjamlaşdyrylandyr. Galaxy Tab A11+ MediaTek 7300 çipi, 8 GB-a çenli RAM we 256 GB-a çenli içerki ýat bilen üpjün edilip, 2 TB-a çenli mikro SD kart arkaly giňeldilip bilner.
7040 mAh batareýa 25 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar. Planşet Android 16-a esaslanýan One UI 8 bilen işleýär we Samsung enjamy azyndan Android 20-ä çenli täzelenmeler bilen goldamagy wada berýär.
Öňki kameranyň durulygy 5 MP, esasy kameranyň durulygy bolsa awtofokusly 8 MP Korpusy alýuminden, Dolby Atmos-ly dört stereo dinamikleri birlikde giňişleýin ses döredýär. Beýleki aýratynlyklara güýç düwmesine integrirlenen barmak yzy skaneri, Wi-Fi 5, Bluetooth 5.3 we 3,5 mm}-lik razýom girýär. Planşet Wi-Fi we 5G (ýeke nano-SIM) wersiýalarynda elýeterlidir.
Beýik Britaniýada modeliň bahasy:

  • Wi-Fi, 128 GB - 249 funt (328$);
  • Wi-Fi, 256 GB - 299 (393 dollar);
  • 5G, 128 GB - 299 funt (393 dollar);
  • 5G, 256 GB - 349 funt; (458 dollar).

Satuwlar eýýäm Beýik Britaniýada, Ukrainada we başga-da birnäçe ýurtlarda başlandy. Global çykarylyşy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...