Aşgabatda iň gowy startap taslamalarynyň bäsleşiginiň ýarym finaly geçirildi

  • 19.11.2025 11:04
  • 2.1k+

Aşgabatda “Best Startup Project” bäsleşiginiň ýarym final tapgyry üstünlikli geçirildi. “Startup Academy Ambassodor” guramasynyň guramagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bäsleşik ýaşlaryň innowasion ukyplaryny ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi habar berýär.

Ýarym finalyň halkara tapgyrynda Türkmenistandan birnäçe taslamalar gatnaşdy. Olar ýurduň ýaşlarynyň tehnologiýa we innowasiýa pudagyndaky ýokary mümkinçiliklerini görkezýär. Ýarym finalda çykyş eden taslamalaryň arasynda Türkmenistanyň adyndan halkara tapgyryna saýlanylan iki taslama aýratyn bellendi:

  1. "Bezen Fasonlar" taslamasy — bu, Türkmen milli fasonlaryny we tikinçilik sungatyny sanly giňişlige geçirmäge gönükdirilen, innowasion mobil programma üpjünçiligidir. Ol adamlara milli lybaslaryň iň owadan, täze we asyl nusgalaryny aňsatlyk bilen tapmaga, saýlamaga we tikdirmäge kömek etmek üçin döredilýär.
  2. Türkmenistanyň bilim ministrliginiň innowasiýa maglumat merkezi “E-mekdep” ulgamy: Bilim beriş ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda sanlylaşdyrmak we okuw prosesini kämilleşdirmek üçin niýetlenen taslama.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan döredilen "E-mekdep" ulgamy hut şu beýik maksatlara hyzmat edýän, geljege gönükdirilen esasy taslamadyr. Bu diňe bir tehniki innowasiýa däl, eýsem, tutuş bilim beriş prosesini täze derejelere göterýän sanly köpri bolup durýar.
"E-Mekdep" okuw işini kämilleşdirmegi - mugallymlar we okuwçylar üçin netijeli gurallary hödürlemek bilen, sapaklaryň hilini we täsirliligini artdyrmagy maksat edinýär.


30.05.2026 17:05
7.4k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......