Disney “Moana” boýunça düşürilen filmiň ilkinji tizerini hödürledi

  • 19.11.2025 10:24
  • 4.7k+

Disney “Moananyň” oýun remeýkiniň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda daşary ýurt prokatyna çykar.

Filmde baş keşbi kinoda ilkinji gezek çykyş edýän 17 ýaşly Ketrin Lagaýýa ýerine ýetirdi. Güýçli ýarymhudaý Mauini bolsa Dueýn Jonson oýnady – 2016-njy ýylyň multfilminde-de bu gahrymana hut Dueýn ses beripdi.
Waka 2000 ýyl ozal Ýuwaş umman adalarynda bolup geçýär. Baş gahryman, 14 ýaşly şa gyzy Moana Waýaliki öz maşgalasyny halas etmek üçin ertekä öwrülen adanyň gözlegine ugraýar. Ýolda ol Mauä duşýar we olar bilelikde ummany ýüzüp geçip, deňiz nägehanlary bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar.
Tizerde görkezilen sahnalar wizual taýdan animasion wersiýadan kän bir tapawutlanmaýar.
Remeýkiň režissýory Tomas Keýl boldy, ssenarini bolsa Dana Ledu Miller asyl multfilmiň ssenariçisi Jared Buş bilen bilelikde ýazdy. Aýdym-saz bezegini Mark Mançina ýerine ýetirer, Lin-Manuel Miranda bolsa prodýuserleriň biri bolar.  


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....