Arina Sobolenko bir möwsüm zenan tennis ýaryşy üçin rekord 15 million dollar gazandy

  • 16.11.2025 23:06
  • 3.8k+

Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko Zenanlaryň tennis birleşiginiň (WTA) bir möwsümde gazanan baýrak pullary boýunça rekordyny goýdy. 2025-nji ýylda belarusly tennisçi kortda 15 million dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, Tennis.com habar berýär.

Öňki rekord Rolan Garros, US Open we WTA-nyň jemleýji ýaryşy ýaly, 82 oýnuň 78-sinde ýeňiş we 11 titul gazanyp, 2013-nji ýylda 12,3 million dollar gazanan Serena Uilliamsa degişlidi.
Bu möwsümde 27 ýaşly Sobolenko 75 oýnuň 63-sinde ýeňiji boldy we dört titul gazandy. US Open-de yzly-yzyna  gazanan ikinji ýeňşi oňa 5 million dollar getirdi. Er-Riýadda geçirilen WTA-nyň Jemleýji ýaryşyndaky final oňa girdejisine ýene 2,7 million dollar goşdy, ýene 2,5 million dollary bolsa Australian Open-niň  finalyna we Pariždäki ýaryşa çykany üçin gazandy.
Er-Riýadda geçiriljek finaldan öň Sobolenko puluň esasy maksat däldigini aýtdy.

"Men bu sporty juda gowy görýärin. Göreşmegi halaýaryn, özümi soňky çäge çenli synamagy halaýaryn. Elbetde, ýeňiş gazananyňda "Oh, girdeji erbet bolmady" diýip pikir edýärsiňiz. Ýöne oýun wagtynda bu hiç haçan kelläňe gelenok... Girdeji hakykatdanam gowy bolsa-da şeýle" – diýip, ol gürrüň berdi.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....