Los-Anjelesde Olimpiada-2028-iň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň tertibini hödürledi

  • 16.11.2025 21:15
  • 1.4k+

2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiadanyň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň doly tertibini hödürledi. Onda sportuň medal ugrunda has köp göreşilýän iki görnüşi bilen baglanyşykly birnäçe aýratynlyklar bar.

Geçenki Olimpiadalardan tapawutlylykda, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar hepdeleri çalyşdy: suwda ýüzüjiler ikinji, ýeňil atletikaçylar bolsa birinji hepdede çykyş eder. Birinji ýaryş gününiň, 15-nji iýulyň esasy wakasy zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak bolar. Sentýabrda Tokioda geçirilen dünýä çempionatynda bu ugurda amerikaly Melissa Jefferson-Wuden ýeňiş gazanypdy.
Ýene bir bellemeli ýeri, 23-nji iýul, Oýunlaryň iň soňkudan öňki güni ýaryşlara has baý bolar. Guramaçylyk komiteti ony “super şenbe” diýip atlandyrdy. Şol gün sportuň toparlaýyn görnüşlerinde on bäş töweregi final oýunlary bilen bir hatarda 26 medal toplumy ugrunda bäsleşiler. 


düýn 20:10
6.1k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......