Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplar we okuwçylar üçin okuw gollanmalaryny taýýarladylar

  • 16.11.2025 18:32
  • 2.7k+

Türkmenistanda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary tarapyndan ýokary okuw mekdepler we orta mekdepler üçin taýýarlanylan okuw gollanmalary neşir edildi.

Informatikany okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymlary M.Berenow hem-de A.Taňryberdiýewa ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň «Algoritmleşdirmegiň we programma düzmegiň esaslary» dersini netijeli öwrenmeklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen «Barlaghana okuwlarynda С++» atly täze okuw gollanmasynyň awtorlary boldular. Gollanmada temalara laýyklykda barlaghana işleriniň beýany hem-de çözgütleriň nusgalary yzygiderli getirilýär. 
«Amaly okuwlarda С++» atly okuw gollanmasy hem ýokarda agzalan kafedranyň mugallymlary M.Berenow we D.Muhanow tarapyndan taýýarlanyldy. Bu gollanmada ýönekeýden çylşyrymla tarap tertipleşdirilen temalar boýunça meseleler hem-de olaryň çözülişi berilýär. Gollanmanyň ahyrynda özbaşdak iş üçin ýumuşlar hödürlenilýär. 
Şeýle hem dosent M.Berenow «С++ dilinde programma düzmek» atly okuw gollanmanyň awtorydyr. Onda umumy sapaklar görnüşinde «С++» dilinde programma ýazmagyň esaslary beýan edilýär. Her temanyň soňunda anyk mysallar arkaly meseleleri çözmegiň usullary görkezilýär.
Informatikany okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň hem-de okatmak usulyýetli zähmetiň we tehnologiýalaryň esaslary kafedrasynyň mugallymlary M.Berenow, A.Taňryberdiýewa hem-de M.Rähmedow «Informatika boýunça meseleleri çözmek» okuw gollanmasynyň awtorlarydyr. Onda ýumuşlar, olaryň çözülişi we özbaşdak iş üçin testler getirilýär. Çözülişinde programma ýazmagyň «PascalABC» dilinde düzülen programmalar hem-de geçilenleri berkitmek üçin barlag ýumuşlar beýan edilipdir. Bu okuw gollanmasy ýokary okuw mekdepleriň inžener-tehniki hünärleriniň talyplary üçin bolşy ýaly, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryna-da, okuw mekdepleriň ylmy işgärleri we ähli gyzyklanýan okyjylar üçin hem niýetlenendir.
«Sanlar dünýäsi» atly beýleki okuw gollanma okatmak usulyýetli zähmetiň we tehnologiýalaryň esaslary kafedrasynyň mugallymlary M.Rähmedow, O.Seýitgulyýewa hem-de O.Kulyýewa tarapyndan taýýarlanyldy. Gollanmada ilkinji sanlar we sanly aňlatmalar, hasaplamak sungatynyň kämilleşdirilişi we ösüşi, şeýle hem hasaplamalary ýerine ýetirmegiň algoritmi barada maglumatlar getirilýär. Kitap ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna we mekdepleriň okuwçylaryna, matematika we informatika mugallymlaryna şeýle hem matematika we onuň taryhy bilen gyzyklanýan beýleki okyjylara niýetlenendir. 
Mugallymçylyk institutynyň bütindünýä taryhyny okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy M.Agamyradowanyň hem-de Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy J.Kullaýewanyň bilelikdäki tagallalary netijesinde ýokary okuw mekdepleriň taryhçy talyplaryna we mugallymlaryna niýetlenilen «Kömekçi taryhy dersler» atly kitap taýýarlanyldy. Kitapda paleografiýa, metrologiýa, hronologiýa, numizmatika, sfragistika, geraldika, genealogiýa, onomastika, etnonimika, antroponimika, toponimika ýaly kömekçi taryhy ylymlar barada, şeýle hem olary öwrenmegiň obýektleri, seljeriş usullary hem-de olaryň beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. 
«Sözleýişiň medeniýeti boýunça amaly meseleler» atly ýene-de bir täze okuw gollanma türkmen dilini okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy M.Jumaýewa tarapyndan taýýarlanyldy hem-de ulanyjylar üçin elektron görnüşde neşir edildi. Gollanmada talyplara türkmen edebi diliniň orfoepiki, orfografiki, leksiki, grammatiki, stilistiki kadalaryny sanly görnüşde okuw geçmegiň häzirki zaman usullary beýan edilýär. Onda türkmen dilini okatmagyň usulyýetindäki ýörelgeler bilen bir hatarda medeniýet bilen arabaglanyşyk ýörelgesine hem aýratyn ähmiýet berlipdir. V-XII synplaryň okuwçylary bilen işlemäge niýetlenilen elektron okuw gollanmasy ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary üçin gymmatly ugur görkeziji bolup hyzmat eder.


30.05.2026 17:05
7.4k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......