“Dýuna 3” filminiň surata düşürilişi tamamlandy

  • 13.11.2025 18:57
  • 4k+

Internetde “Dýuna” franşizasynyň üçünji bölüminiň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygy barada habar berildi. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda kinoteatrlarda görkeziler.

Baş keşplerde ýene-de Timoti Şalame, Zendeýa, Florens Pýu, Joş Brolin, Anýa Teýlor-Joý we beýleki aktýorlar çykyş ederler. Antagonistiň keşbini Robert Pattinson ýerine ýetirýär. Filmiň režissýory öňküsi ýaly — Deni Wilnýow.
“Dýuna 3-iň” wakalary ikinji bölegiň wakalaryndan 12 ýyl soň bolup geçýär we Pol Atreidesiň dolandyran döwrüni görkezýär.
Frank Gerbertiň romanynyň ilkinjisi 2021-nji ýylda, dowamy bolsa 2023-nji ýylda görkezilipdi. Iki film, umumylykda 1,1 milliard dollar girdeji toplady.


düýn 15:05
1.6k+

Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» atly täze filminiň çykyşy ýene-de yza süýşürildi

Režissýor Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» («Вне закона») atly täze filminiň ekrana çykmaly wagty ýene-de bir gezek yza süýşürildi. Indi filmiň premýerasy aprel aýynda bolman, iýun aýyna meýilleşdirildi. Aslynda bu filmiň surata düşüriliş işleri eýýäm 2023-nji ýylda tamamlanypdy...

düýn 12:09
2k+

Nikol Kidman «Skarpetta» serialy üçin patologoanatomyň işini özleşdirdi

Nikol Kidman "Skarpetta" serialyndaky keşbine taýýarlanýan döwründe patologoanatomyň işini özleşdirendigini aýtdy. Aktrisa bu barada Jimmi Fellonyň gepleşiginde gürrüň berdi. Serialda Kidman derňewlerinde döwrebap kriminalistik tehnologiýany ulanýan sudmedekspertiň keşbini janlandyrýar...

düýn 11:48
1.4k+

«Bökegenler» soňky on ýylyň içinde Pixar multfilmleriniň arasynda iň ýokary reýtingleriň birine eýe boldy

Internetde Pixar studiýasynyň «Bökegenler» (Hoppers) atly animasiýa filmi barada tankytçylaryň ilkinji synlary peýda boldy. Habar çap edilen pursatynda taslamanyň Rotten Tomatoes saýtyndaky reýtingi 97% boldy — bu studiýanyň soňky on ýylyň içindäki iň ýokary görkezijileriniň biridir...

düýn 10:39
1.9k+

Oskar baýragyna täze dalaşgär: «"Awe Mariýa" taslamasy» filmi tankytçylary haýran galdyrdy

Tizden ekrana çykjak ylmy-fantastika žanryndaky «"Awe Mariýa" taslamasy» filmi kino dünýäsiniň hünärmenlerine görkezildi. Ilkinji seslenmelerde bu eser «kosmosa syýahat baradaky hökman görülmeli film» we geljek ýylky Oskar dabarasynda köp sanly baýraklaryň eýesi bolmaga iň uly dalaşgär diýlip atlandyrylýar...