Karlos Alkaras ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy

  • 11.11.2025 10:18
  • 3.2k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde ýene birinji orny eýeledi. Reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi.

Turinde ATP ýaryşy başlamazdan öň oýunçylardan geçen ýylky çykyşlary üçin utuklar aýryldy. Reýtingiň öňki lideri, italiýaly Ýannik Sinner 1500 utuk ýitirdi we ikinji orna düşdi. Alkaras 200 utuk ýitirdi, bu hem dünýäniň birinji raketkasy bolmaga mümkinçilik berdi. Üçlügi germaniýaly Aleksandr Zwerew jemledi.
Serbiýaly Nowak Jokowiç Afinadaky ýaryşda ýeňiş gazanandan soň dördünji orny eýeledi. Ol finalda italiýaly Lorenso Muzettini utdy.

10-njy noýabra çenli ýagdaýa görä ATP reýtinginiň ilkinji onlugy:

1 (2). Karlos Alkaras (Ispaniýa) — 11 050 utuk
2 (1). Ýannik Sinner (Italiýa) — 10 000
3 (3). Aleksandr Zwerew (Germaniýa) — 4 960
4 (5). Nowak Jokowiç (Serbiýa) — 4 830
5 (6). Ben Şelton (ABŞ) — 3 970
6 (4). Teýlor Fris (ABŞ) — 3 935
7 (7). Aleks de Minaur (Awstraliýa) — 3 935
8 (8). Feliks Ože-Alýassim (Kanada) — 3 845
9 (9). Lorenso Muzetti (Italiýa) — 3 840
10 (11). Jek Dreýper (Beýik Britaniýa) — 2 990


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......