Dünýäniň iň uly import edijileri belli edildi

  • 08.11.2025 07:34
  • 7.5k+

Bütindünýä Söwda Guramasynyň maglumatlaryna görä, ABŞ 2024-nji ýylda hem dünýäniň iň uly import ediji ýurdy bolmagynda galdy. Ýurduň haryt satyn alşy umumy dünýä importynyň 13%-den gowragyny emele getirdi.

ABŞ-nyň import mukdary 3,4 trillion dollara deň boldy. Importyň düzümi — senagat çig mallaryndan we enjamlardan başlap, sarp ediş harytlaryna çenli giň. Bu ýagdaý ýurduň içerki sarp edişiniň güýçlüligini we bazaryň işjeňligini görkezýär.
Ikinji orny Hytaý eýeledi — onuň importy 2,6 trillion dollar boldy (13,4%).
ABŞ üçin esasy üpjün edijileriň arasynda:

  • Meksika we Kanada (ABŞ-nyň importynyň 28,1%-i),
  • Ýewropa Bileleşigi (18,5%) bar.

Bu ugurda derman serişdeleri we awtoulag senagaty esasy orun eýeleýär.
Hindistan 718 milliard dollarlyk import bilen dünýä sanawynda 8-nji ýeri aldy. Ösüşiň 7%-e çenli ýokarlanmagy Hytaý, Russiýa we BAE bilen işjeň söwda gatnaşyklary bilen düşündirilýär.
Aýratynam, BAE-den getirilen harytlar 34% artdy.

Has ýokary ösüş depgini görkezýän ýurtlaryň hatarynda Wýetnam: +17%, BAE: +16% bar.
Bu ösüş daşary söwdanyň rekord derejesi, altyna we awtoulaglara bolan islegiň artmagy bilen baglanyşykly.


şu gün 17:29
2.1k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2.3k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......