Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsümi jemlendi

  • 05.11.2025 11:03
  • 3k+

Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň jemleýji çapuwlary geçirildi. Bedewler dürli aralykdan on gezek çapuwa goşuldy diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Güýzki möwsümiň ýapylyşy mynasybetli guralan at çapyşyklary ikiýaşar atlaryň 1000 metr aralykdaky ýaryşy bilen badalga aldy. Şeýlelikde,

  • Birinji çapyşykda ýeňiş ugrundaky ýaryş Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gazaply atly al, Akylly atly dor atlaryň hem-de Alabahar diýen dor gysragyň arasynda boldy. Çapyşykda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Hojamuhammedowyň seýislän Gazaplysy (çapyksuwary P.Orazow) bellenen aralygy 1 minut 8,9 sekuntda geçip, iň gowy netijäni görkezdi.
  • Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 7,1 sekunt netije bilen «Nurana bedew» hususy kärhanasyna degişli bolan we B.Allanazarowyň ýaryşa taýýarlan hem-de geljegine uly umyt bildirilýän ýaş çapyksuwar Y.Allanazarowyň erk eden Aýsoltan diýen mele gysragy geldi.
  • Üçünji çapyşykda ýeňiş ugrundaky ýaryş Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň «Akdaşaýak» ýaşaýyş jaý toplumyna degişli Atylar diýen dor at bilen M.Mätiýewiň hojalygyna degişli Messan diýen dor gysragyň arasynda boldy. Netijede, halypa seýis H.Babalyýewiň çapuwa taýýarlan we S.Atajanowyň çapyksuwarlyk etmeginde ýaryşa goşulan Atylar 1 minut 7,5 sekuntda pellehanadan geçip, çapyşygyň ýeňijisi boldy.
  • Dördünji çapyşykda-da ikiýaşar saýlama atlar 1000 metrden ýaryşa goşuldylar. Netijede, pellehana ilkinji bolup M.Bäşimnyýazowyň hojalygyna degişli M.Orazowyň seýislän we üçünji derejeli çapyksuwar B.Berdimuhammedowyň çapyksuwarlyk eden Düşümli atly gurt mele gysragy geldi. Ol bellenilen aralygy 1 minut 9 sekuntda geçmegi başardy.
  • 1600 metr aralyga guralan bäşinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary A.Muhammedowyň seýislän we M.Kiçigulowyň erk eden Babyr diýen gara aty 1 minut 51,2 sekunt netije bilen pellehana ilkinji geldi.
  • Altynjy çapyşykda üçýaşar gysraklar üçin badalgadan pellehana çenli aralyk 1800 metre deň boldy. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradowyň çapuwa taýýarlan we Ş.Saryýewiň çapyksuwarlyk eden Mejally diýen mele gysragy 2 minut 7,3 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Mejallynyň esasy garşydaşy Akýyldyz diýen mele gysrak hem edil şol netijäni görkezdi.
  • Ýedinji çapyşykda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugyna degişli, ussat seýis G.Agamyradowyň seýislän we B.Babaýewiň erk eden Ýadygär II diýen gyr aty pellehana ilkinji geldi.
  • Sekizinji çapyşykdan başlap, dört we ulyýaşar atlar çapuwa goşuldylar. Şeýlelikde, 1800 metr aralykdan ýaryşa goşulan bedewleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Gajar diýen dor at tapawutlanmagy başardy. Gajary Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradow ýaryşa taýýarlapdyr. Oňa erk eden çapyksuwar R.Agamyradow.
  • Dokuzynjy çapyşykda aýlaw baglan dört we ulyýaşar atlar üçin badalgadan pellehana çenli aralyk 2200 metre deň boldy. Şeýlelikde, bu çapyşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Ş.Agamyradowyň seýislän we ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň erk etmeginde çapuwa goşulan Goçýigit diýen dor atyň ýeňşi bilen tamamlandy.
  • Jemleýji çapyşykda dört we ulyýaşar saýlama bedewler 2200 metr aralykdan ýaryşa goşuldylar. Çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Dagbedew möwsümi ýeňiş bilen jemledi. Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradowyň seýislän hem-de ussat çapyksuwar T.Babaýewiň erk etmeginde ýaryşa goşulan Dagbedew bellenilen aralygy 2 minut 32,4 sekuntda geçmegi başardy.

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......