"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi

  • 05.11.2025 06:49
  • 7.9k+

4-nji noýabrda AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistandan  "Ahal" futbol topary Eýranyň "Sepahan" toparyna garşy myhmançylykda duşuşyk geçirdi. Oýun Yspyhan şäheriniň "Nagyş-e-Jahan" stadionynda geçirilip, deňme-deňlikde — 2:2 hasabynda tamamlandy.

Ýer eýeleri 9-njy minutda Araş Rezawandyň takyk urgusy bilen hasaby açdylar. Emma "Ahal" derrew ýagdaýy deňlemegi başardy: 27-nji minutda Süleýman Mirzoýew tapawutlandy. Ikinji ýarymda türkmen topary 62-nji minutda Bagtyýar Gürgenowyň urgusyndan soň öňe saýlandy. Ýöne birnäçe minutdan soň türkmen klubunyň goragçysy Azat Rahmanow ikinji sary duýduryşyny alyp, meýdançany terk etdi.
Mundan soň Yspyhan klubunyň oýunçylary myhmanlaryň jerime meýdançasyna hüjümleri guradylar. "Ahal" iň soňky pursata çenli gorandy, ýöne altynjy goşmaça minutda ýarymgoragçy Mohammad Askari hasaby deňlemegi başardy — 2:2.
Üç tapgyrdan soň "Sepahan" 4 utuk toplady. "Ahal" bolsa bu ýaryşda ilkinji utugyny gazandy. "C" toparçasynyň lideri Iordaniýanyň çempiony "Al-Husseýn" bolup galýar (2 oýunda 6 utuk). Bu kwartetdäki dördünji topar — Hindistanyň "Mohun Bagan" topary ozal ýaryşdan çetleşdirildi.
"Ahal" indiki duşuşygyny 23-nji dekabrda "Al-Husseýne" garşy myhmançylykda geçirer.


şu gün 08:03
83

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
4.1k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....