Türkmen woleýbolçylary CAVA Cup ýaryşynda ýeňip, 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar

  • 04.11.2025 20:47
  • 8.1k+

Türkmenistanyň woleýbol boýunça erkekler ýygyndysy Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde tamamlanan «CAVA Cup for Men 2025» halkara woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy. Türkmen türgenleri bu ýaryşda bir oýunda-da ýeňilmän, finalda Owganystanyň toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýaryşa jemi alty topar gatnaşdy: Türkmenistan, Bangladeş, Nepal, Maldiwler, Şri-Lanka we Owganystan. Toparçalaýyn tapgyrda türkmenistanly türgenler Nepaly 3:0, Şri-Lankany 3:1, Owganystany 3:1 we Maldiwleri 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňmegi başardylar. Şeýle-de bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy özüniň ýeke-täk çynlakaý garşydaşy bolan Bangladeşiň toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi.
Final duşuşygy Owganystan bilen dartgynly ýagdaýda geçdi. Türkmen woleýbolçylary iki gezek hasaby deňlemäge mejbur boldular (2:2). Türkmenistanyň ýygyndysy aýgytlaýjy bäşinji setde 1:6 hasaby bilen yza galan hem bolsalar, duşuşygyň barşyny özlerine tarap öwürmegi başaryp, ýeňiş gazandylar.
Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň iki oýunçysy aýratyn tapawutlandy: Bagtyýar Hemragulyýew ýaryşyň iň gowy hüjümçisi, Akmyrat Döwletow bolsa iň gowy baglanyşygy üpjün ediji oýunçy hökmünde ykrar edildi.
Bu ýeňişli çykyşy Türkmenistanyň ýygyndysyna 2026-njy ýylda geçiriljek Aziýanyň woleýbol boýunça çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazandyrdy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....