3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

  • 28.10.2025 19:05
  • 7.7k+

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar.

Bu sebit, adyny bu ýerde kän ösýän hemişe ýaşyl agaçlaryň çuňňur we doýgun reňkleriniň esasynda alan Şwarswald dag gerşi bilen meşhurdyr (Schwarzwald nemes dilinden «garaňky tokaý» diýip terjime edilýär).

Ýörite Bentley seriýasy Mulliner bölümi tarapyndan taýýarlanan üç modeli öz içine alýar:

  • Bentayga S Black Edition
  • Continental GT Speed
  • Continental GTC Speed

Markanyň wekilleriniň bellemegine görä, modeller tokaýyň «çuň äheňlerini we baý dokumalarynyň howasyny» özünde jemleýär.
Ulaglaryň kuzowlary ýaşyl Scarab öwüşginli gara we gyzylymtyl aktsentler bilen bezelen. Gara diskleriň aňyrsyndan goýy gyzyl tormoz arassalaýjylary görünýär. Interýerinde kontrast tikinli gara deri ulanylypdyr, dolandyryş paneli bolsa tebigy açyk öýjükli hoz şpony bilen bezelen. Salony ýaprak şekilleri we miweli nagyşlar bilen şöhlelendirilipdir.
Tehniki aýratynlyklar üýtgewsiz galdy:

  • Bentayga S Black Edition — 4,0 litrlik turbo V8, 550 at güýji.
  • Continental GT Speed we GTC Speed — V8 esasly gibrid ulgam, 782 at güýji.

02.02.2026 10:30
2.4k+

Bentley «Bentayga X» wnedorožnik prototipini tanyşdyrdy

Bentley kompaniýasy Awstriýanyň Sell-am-Zee şäherinde geçirilen buzly ýaryşlaryň çäklerinde Bentayga X prototipini görkezdi. Täze model krossoweriň ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Bentayga Speed wersiýasynyň kämilleşdirilen görnüşidir...

24.01.2026 15:48
3.5k+

Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady

Bentley kompaniýasy brendiň taryhyndaky iň depginli gysga metražly film diýlip atlandyrylýan wideoşekili köpçülige hödürledi. Roligiň baş gahrymanlary — meşhur ekstremal sürüji, «Jimhana» seriýasyny esaslandyryjylaryň biri Trewis Pastrana hem-de ýaňy-ýakynda tanyşdyrylan kuwwatly Bentley Continental Supersports awtomobili boldy...

20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...

18.12.2025 12:17
5.2k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...