Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy. Ol 4-nji sekuntda geçirildi

  • 24.10.2025 10:48
  • 10k+

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy.

«Şagadamyň» ýaşlar düzümi bilen geçirilen duşuşykda «Merw II» toparyndan Muhammet Allaberdiýew duşuşygyň 1-nji minutynda topy meýdanyň orta gürpünden derwezä depip, toparyny öňe saýlady. Gol geçirilen pursat oýnuň 4-nji sekunty dowam edýärdi.
Geçirilen bu taryhy top Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilýän ähli ýaryşlaryň dowamynda iň çalt geçirilen top hökmünde hasaba alyndy diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Iň çalt goly geçirdendigine garamazdan, duşuşygyň ahyrky minutlarynda «Şagadam II» topary has netijeli çykyş edip, garşydaşyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşyk «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Sport toplumy» stadionynda  geçirildi.
Ginnesiň Rekordlar kitabyndaky resmi maglumata görä, professional futbol taryhynda iň çalt goly 1998-njy ýylda urugwaýly futbolçy Rikardo Oliweýra geçiripdir — oňa bu gol üçin bary-ýogy 2,8 sekunt gerek bolupdyr.
Ondan hem çal goly bolsa, Angliýanyň «Kroýdon» futbol klubunyň oýunçysy Raýan Holl geçiripdir. Bu waka ýakynda — geçen ýylyň fewral aýynda, professional däl liga duşuşygynda bolup geçipdir. Şol duşuşykda top derweze çyzygyndan bary-ýogy 2,31 sekuntda geçipdir. Ginnesiň Rekordlar kitaby bu goly «ajaýyp» diýip atlandyryp, ýöne şeýle belläpdirler: «Biz professional futboldan daşardaky görkezmeleri resmi hasaba almaýarys», sebäbi şol ýerde hünärmenler «statistikalara diňe resmi ýolbaşçy edaralar we sport netijelerini seljerýän kompaniýalar tarapyndan berilýär».
Dünýäde ýaşlar ýaryşlarynda bolsa (resmi bolmasa-da) dünýä rekordy hökmünde 2009-njy ýylda Saud Arabystanynyň ýaşlar çempionatyndaky oýunda bary-ýogy 2,13 sekuntda gol geçiren saudly futbolçy Nawaf Al-Abediň geçir­en goly hasaplanylýar.


düýn 23:43
4.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......