Täze Xiaomi 17 Pro Max berklik synagyndan geçirildi: smartfon kynçylyklara döz geldi

  • 23.10.2025 17:29
  • 7.2k+

JerryRigEverything YouTube kanalyndan bloger Zak Nelson hytaý flagmanlaryny seýrek synagdan geçirýär. Ýöne täze Xiaomi 17 Pro Max kadadan çykma boldy.

6,9 dýuým ekranly smartfon daşky görnüşi boýunça iPhone 17 Pro-ny ýada salýar, ýöne yzky paneldäki kamera blogunda oturdylan ikinji displeýi bilen tapawutlanýar.
Smartfonyň öň bölegi Dragon Glass 3.0 aýnasy bilen goralýar. Ol Moos şkalasy boýunça 7-nji derejede çyzylyp başlady – bu Apple-iň birneme gowy netije görkezen Ceramic Shield 2 aýnasy ýalydyr. Yzky panel o diýen çydamly däl: onuň aýnasy eýýäm 6-njy derejede çyzylyp başlady.
Flagman smartfonyň ýene bir aýratynlygy yzky gapagyň aýnadan däl-de, plastikden bolmagydyr. Ýöne enjamyň korpusy anodirlenen alýuminden ýasaldy. Plastik ýere gaçanda seýrek çat açsa-da, onuň premium smartfonda ulanylmagy has gymmat materiallara öwrenişen alyjylarda sorag döredip biler.
Egreltme synagynda Xiaomi 17 Pro Max özüni gowy görkezdi – korpus üýtgemezden bu synagdan geçdi.
Syn bermegiň ahyrynda Nelson smartfony söküp, detallaryň tertipli ýerleşendigini we ýokary hilli ýygnalandygyny belledi. Sökme goşmaça ekranyň yzky aýnanyň aşagynda ýerleşendigini we nurbatlaryň kömegi bilen metal plastina berkidilendigini görkezdi. 


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...