«Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky oýunda «Sepahan» bilen duşuşykda ýeňildi

  • 22.10.2025 12:56
  • 5k+

21-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherindäki «Nakş-e-Jahan» stadionynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasy–2-niň toparlaýyn tapgyrynyň oýny geçirildi. Türkmenistanyň milli çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» kluby eýranly «Sepahan» bilen duşuşykda 0:1 hasabynda ýeňildi.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny 82-nji minutda Kawe Rezaeý geçirdi.
Ýer eýeleri duşuşygyň ilkinji minutlaryndan hüjüme başladylar. 9-njy minutda Aref Hadjidi hasaby açmaga golaý boldy. Eýranly topar oýny doly gözegçilikde saklap, birnäçe howply pursatlary döretdi, ýöne türkmen toparynyň derwezebany birnäçe gezek toparyny halas etdi.
Birinji ýarymda «Sepahan» iki gezek gola golaý boldy: Amin Hazbawi topy derwezä gönükdirip bilmedi, 37-nji minutda bolsa Araş Rezawandyň kellesi bilen uran topy derwezäniň diregine degdi. Ikinji ýarymda hem Berdiýew birnäçe gezek oýna goşulyp, halas etmeli boldy.
Bagtyýar Gürgenowyň we Oraz Orazowyň ynamly oýnuna garamazdan, «Ahal» deňme-deňligi saklap bilmedi. Oýnuň tamamlanmagyna sekiz minut galanda Berdiýew Enzo Kriweliniň urgusyny gaýtardy, emma Kawe Rezaeý ilkinji bolup topa ýetişip, ýeňiş goluny geçirdi.
Bu ýeňlişden soň «Ahal» C toparynda üçünji orunda, ýöne hasapda utuksyz galýar. Topar öň «Mohan Bagan» (Hindistan) klubuny ýeňipdi, emma hindi klubuna diskwalifikasiýa berlendigi üçin netijeler ýatyryldy. «Sepahan» üç utuk toplap ikinji orunda barýar, Iordaniýadan gelen «Al-Huseýn» kluby bolsa alty utuk bilen «C» toparyna liderlik edýär.


düýn 23:19
1.9k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

düýn 19:23
1.6k+

Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar....

düýn 11:27
2.3k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

düýn 09:55
3.7k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....