Microsoft gizlin maglumatlary ogurlamaga we serwerleri döwmäge mümkinçilik beren gowşaklygy ýapdy

  • 21.10.2025 16:18
  • 4.2k+

Microsoft birbada birnäçe operasion ulgamlarda işleýän programmalary döretmek üçin ASP.NET Core gurallar toplumynda howply gowşaklygy düzetmek üçin patç çykardy. CVE-2025-55315 ýalňyşlygy Kestrel web-serwerinde ýüze çykaryldy we oňa platformanyň taryhynda iň çynlakaý howp diýip baha berildi.

Mesele awtorlaşdyrylan ulanyjylara goşmaça HTTP ýüzlenmeleri girizmäge, sessiýalary tutup almaga we gorag mehanizmlerinden aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýärdi. Microsoft-yň maglumatlaryna görä, haker gizlin maglumatlara, şol sanda akkauntlara elýeterli bolup, serwerde faýllara üýtgeşme girizip bilerdi.
Kompaniýa ulanyjylara täzelenmäni mümkin boldugyndan tiz gurnamagy maslahat berdi. .NET 8 we has täze wersiýalar üçin patç Microsoft Update arkaly elýeterlidir. .NET 2.3 ýaly köne wersiýalary ulanyjylara Microsoft.AspNetCore.Server.Kestrel.Core bukjasyny täzelemek, soňra programmany täzeden ýygnap, serwere gaýtadan gurnamak gerek.
Täzelenme Visual Studio 2022, ASP.NET Core 2.3, 8.0, 9.0 we ASP.NET Core 2.x-de programmalar üçin Kestrel Core bukjasy üçin çykaryldy. Kompaniýanyň wekilleri gowşaklygyň netijesiniň bellibir programmanyň arhitekturasyna baglydygyny, şonuň üçin onuň howply diýlip hasaplanandygyny belledi. 


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...