Hytaýda kislorod işläp çykarýan krossower döredildi

  • 21.10.2025 16:12
  • 5k+

Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy içerki bazarda täze D19 krossowerini hödürledi. Modeliň esasy aýratynlygy daglyk sebitlerde gezelenç wagty ulanmak üçin niýetlenen kislorod generatorynyň bolmagydyr. Onuň öndürijiligi minutda 8 litre barabar.

Uzynlygy 5,2 metr we tigir bazasy 3,1 metr bolan awtomobil iki wersiýada – doly elektrik we gibrid görnüşlerde elýeterli bolar.
Elektrik wersiýasy 1000 woltlyk arhitekturada guruldy we 115 kWt/sag sygymly CATL batareýasy bilen üpjün edildi. Onuň kuwwaty 734 at güýjüne barabar bolup, 100 km/sag çenli tizligi artdyrma üç sekunt töweregi wagt alýar. 15 minutlyk çalt zarýad alyş 350 km çenli ýoly üpjün edýär, iň uzyn menzil 720 km ýetýär.
EREV gibrid görnüşi 800 woltlyk ulgamy we generator hökmünde işleýän içinden ýandyrylýan hereketlendirijini ulanýar. Iki elektrik hereketlendirijisiniň umumy kuwwaty 544 at güýjüne deň, 80,3 kWt/sag sygymly akkumulýator bolsa içinden ýandyrylýan hereketlendirijini işletmezden 500 km çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär.
Öndürijiniň maglumatlaryna görä, Leapmotor D19 hytaý bazaryndaky esasy bäsdeşi Lixiang L9-dan bir ýarym esse arzan bolar. Awtomobiliň bazara çykmagy 2026-njy ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilýär.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......