Ferrari awtomobiliň duran ýerinden bat almagynyň üýtgeşik usulyny tapdy

  • 20.10.2025 17:47
  • 7.2k+

Ferrari kompaniýasy awtomobil duran ýerinden hereket edip başlanda, hereketlendirijiniň kuwwatyny dogry paýlaýan funksiýanyň – Launch Control ulgamyny işjeňleşdirmegiň üýtgeşik usulyna patent almak üçin arza berdi.

Resminamalara görä, adaty düwmeleriň ýa-da multimedia menýusynyň deregine sürüji awtomobiliň üçegindäki ýörite tutary çekip, ulgamy işjeňleşdirip biler. Munuň üçin bir wagtyň özünde tormoz pedalyny basyp saklamak we tutary aşak çekmek gerek. Şondan soň yşyk görkezijisi ýanýar, displeýde bolsa ulgamyň taýýardygy barada habar peýda bolýar. Şondan soň proses adatdakysy ýaly: sürüji gazy doly basýar we tormozy goýberýär.
Bu çemeleşme awtomobiliň duran ýerinden bat almagyny ýönekeýleşdirip biler. Çünki, çylşyrymly interfeýsi bolan awtomobillerde Launch Control-y işjeňleşdirmek, adatça, birnäçe hereketi talap edýär.
Ferrari munuň entek konsepsiýadygyny, ýöne kompaniýanyň tehnologiýalary, rahatlygy we sürmek lezzetini utgaşdyryp, 2026-njy ýylyň sportkarlary üçin innowasion çözgütleri gözleýändigini belledi. 


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......