Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisini utup, çempionatda Piastriden aratapawudyny azaltdy

  • 20.10.2025 14:04
  • 1.7k+

19-njy oktýabrda, ýekşenbe güni Ostindäki Circuit of the Americas ýaryş ýolunda Formula-1 çempionatynyň 19-njy tapgyry – ABŞ-nyň Gran-prisi geçdi. Onda “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ikinji bolup pellehana “Maklarenden” britaniýaly Lando Norris geldi, üçlügi ýaryşyň ahyrynda ikinji orny elden gidiren Şarl Lekler (“Ferrari”) jemledi.

Şeýle-de, ilkinji bäşlige Lýuis Hemilton (“Ferrari”) we Oskar Piastri (“Maklaren”) girdi. Ostindäki tapgyrdan soň şahsy sanawyň lideri Oskar Piastri 346 utuk bilen birinji orny saklaýar, ýöne Norris indi bary-ýogy 14 utuk tapawut, Werstappen bolsa 40 utuk tapawut bilen ondan yza galýar.
Titula eýe bolmak mümkinçiligini Jorj Rassell (“Mersedes”) hem saklaýar, onuň aratapawudy 94 utuk. Lekler göreşden doly çykdy.
Konstruktorlaryň kubogynda ikinji orun üçin göreş dowam edýär: “Mersedes” 341 utuk bilen “Ferrariden” bary-ýogy ýedi utuk, “Red Bull” bolsa on utuk öňe geçýär. “Maklaren” 678 utuk bilen oktýabryň başynda Singapuryň Gran-prisinden soň möhletinden ir çempion bolupdy.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....