Hazarýaka döwletleriň bilermenleri bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny maslahatlaşdylar

  • 19.10.2025 17:16
  • 2.7k+

13–17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyklaryň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy-barlaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň hem-de 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda baglaşylan Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga goşmaça hökmünde Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçylyga) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyklara gatnaşyjylar taslamalaryň taýýarlanyşynda gazanylan öňe gidişlikleri belläp geçdiler we bilelikdäki işi dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisindäki ileri tutýan garaýyşlarynda ýurduň Hazar ekologiýa başlangyjyny ilerletmek ugrunda işjeň hereket etmegi maksat edinýändigi anyk beýan edilendir.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......