Bitkoin 105 müň dollardan aşak düşüp, maýadarlary millionlarça dollardan mahrum etdi

  • 18.10.2025 22:51
  • 5.1k+

Bitkoin birden arzanlap, iýun aýyndan bäri ilkinji gezek 104 müň dollardan aşak düşüp, 103 790 dollar görkezijisine ýetdi. Şol sebäpli biržalar bir günde treýderleriň 1,2 mlrd dollarlyk şertnamalaryny awtomatik ýagdaýda ýapdy diýip, Bloomberg habar berýär.

Esasy urgy long position şertnamalaryna täsir etdi – bu ýagdaýda maýadarlar ösüşe garaşyp, has köp kriptowalýuta satyn almak üçin biržalardan karz alýar. Ýöne bazar tersine gaýtdy we olar girdejiniň deregine ýitgi aldy. Netijede, biržalar has uly ýitgilere ýol bermezlik üçin şeýle şertnamalary mejbury ýagdaýda satyp başlady. Ýapylan şertnamalaryň 79%-i şeýle treýderleriň paýyna düşdi.  
Olardan iň ulusy Ethereum bilen boldy – 20,4 mln dollarlyk şertnama karz serişdeleri bilen söwdanyň iň esasy merkezleriniň birine öwrülen Hyperliquid biržasynda ýapyldy.
Umuman alanyňda, 344 mln dollarlyk ýitgi bitkoiniň, 201 mln dollar Ethereum-yň, 97 mln dollar Solana-nyň paýyna düşdi. Galan ýitgiler XRP, Dogecoin we beýleki aktiwler bilen bagly boldy. Iň ýokary işjeňlik Hyperliquid ($391 mln), Bybit ($300 mln), Binance ($259 mln) we OKX ($99 mln) biržalarynda hasaba alyndy.
Bilermenler pese gaçyşy ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanmagy, ýenanyň güýçlenmegi we altynyň bahasynyň pese gaçmagy bilen baglanyşdyrýar. Häzire çenli bitkoin ýakynda ýeten ähli üstünliklerini diýen ýaly ýitirdi, Ethereum bir günde 4% peselip, 3900 dollardan aşakda satylýar. 


19.08.2025 18:12
2.8k+

Bitkoin 124 müň dollara ýetenden birnäçe gün soň 115 müň dollara düşdi

Bitkoiniň bahasy geçen hepde rekord 124 496 dollara ýetenden soň, 2% - 115 527 dollara çenli pese düşdi diýip, CNBC habar berdi. Duşenbe güni söwdalaryň dowamynda ol 114 706 dollara çenli peseldi. Öz gezeginde, Ethereum 4%, 4290 dollara çenli arzanlady...

15.08.2025 18:46
1.5k+

Blue Origin kosmos uçuşlary üçin tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlady

Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos tarapyndan döredilen we kosmos gözlegleri bilen meşgullanýan Blue Origin kompaniýasy kosmos uçuşlary üçin töleg hökmünde kriptowalýuta kabul edip başlady. Bu barada kompaniýanyň şeýle tölegleri amal etjek Shift4-den kripto-hyzmatdaşlary habar berdi...

14.08.2025 14:00
3k+

Bitkoin 124 müň dollardan geçdi

Bitkoiniň hümmeti taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. 14-nji awgustda kriptowalýuta 124,1 müň dollara ýetip, 2,86% ösüş görkezdi. Muny Binance kriptobiržasynyň maglumatlary delillendirýär. Aşgabat wagty bilen 11:40-a çenli ýagdaýa görä, bitkoin 121,8 müň dollara durýardy...

23.07.2025 14:32
9.5k+

Trampyň maşgalasynyň kompaniýasy bitkoine we beýleki kriptoaktiwlere $2 mlrd maýa goýdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy tarapyndan gözegçilik edilýän Trump Media & Technology Group (TMTG) kompaniýasy 2 mlrd dollarlyk bitkoin we beýleki kriptowalýuta aktiwlerini satyn alandygyny habar berdi...