MrBeast öz maliýe tehnologiýalary kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

  • 18.10.2025 23:05
  • 2.9k+

Dünýäde meşhur YouTube blogeri MrBeast (Jimmi Donaldson) MrBeast Financial ady bilen maliýe tehnologiýalary kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär. Business Insider-iň habar bermegine görä, ol degişli haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary býurosyna arza berdi.

Resminamalarda kompaniýanyň talyp karzlaryndan we ätiýaçlandyryşdan başlap, karz seljermesine çenli dürli hyzmatlary hödürläp biljekdigi görkezilýär. Şeýle-de, maliýe, bank, maslahat beriş we kriptowalýuta hyzmatlary üçin ykjam programmany we onlaýn platformany çykarmak meýilnamalary göz öňünde tutulýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Donaldson taslamany eýýäm bar bolan finteh kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirip, onuň infrastrukturasyndan peýdalanmak we düzgünleşdirmekde bolup biljek meseleleriň öňüni almak isleýär.
Bu ädimler 2025-nji ýylyň ýazynda hödürlenen maýadarlyk tanyşdyrylyşy bilen gabat gelýär. Onda MrBeast toparynyň maliýe hyzmatlary bazaryna çykmak isleýändigi barada aýdylypdy. Häzirlikçe MrBeast Financial kompaniýasynyň işe giriziljek senesi aýdylmaýar, ýöne Business Insider neşiri haryt nyşany üçin arza berýän kompaniýalaryň ony hakyky iş ýüzünde ulanmak niýetini tassyklamalydygyny belleýär. 

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......