Toyota dünýäniň iň gymmat awtomobil brendi diýlip ykrar edildi

  • 18.10.2025 07:03
  • 8.4k+

Interbrand konsalting kompaniýasy dünýä brendleriniň bahasynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Iň gymmat awtomobil brendi ýene-de Toyota boldy, ol umumy reýtingde altynjy orny eýeledi. Ýapon awtoulag ägirdi diňe iri IT kompaniýalaryndan yza galdy.

2020-nji ýyldan bäri Toyota brendiniň bahasy durnukly ösýär: 51,6 mlrd dollardan 2025-nji ýylda 74,2 mlrd dollara çenli. Ösüş ýyllyk hasabynda 2% boldy.
Awtoöndürijileriň arasynda ikinji orunda Mercedes-Benz ýerleşdi, onuň bahasy bir ýylda 15%, 50,1 mlrd dollara çenli peseldi (umumy sanawda 10-njy orun).
Üçlügi 46,8 mlrd dollar (-10%) we 14-nji orun bilen BMW jemleýär.
Beýleki awtomobil brendlerinden ilkinji ýigrimi bäşiň hataryna diňe Tesla girdi, ol 25-nji orny saklap galdy, ýöne brendiň bahasy 35% pese gaçyp, 29,5 mlrd dollar boldy. Analitikler brend üçin oňyn däl dinamikanyň 2023-nji ýyldan bäri hasaba alynýandygyny belleýär.
Ýüz brendiň arasynda Honda, Hyundai, Audi, Ferrari, Volkswagen, Porsche, Nissan, Kia we Range Rover hem bar. Reýtingde ilkinji gezek Hytaýyň wekilleri-de peýda boldy: Xiaomi (81-nji orun, 9,5 mlrd dollar), BYD (90-njy orun, 8,1 mlrd dollar) we Huawei (96-njy orun, 7,6 mlrd dollar).
Global reýtingde ilkinji bäş orny Apple, Microsoft, Amazon, Google we Samsung eýeledi – olaryň bahasy 470,9 mlrd dollardan 90,5 mlrd dollara barabar. 


düýn 12:20
2.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......