102 ýaşly we 97 ýaşly tennisçiler taryhda iň garrylaryň tennis duşuşygyny geçirdiler

  • 17.10.2025 11:37
  • 6.7k+

Amerikaly Artur Lind bilen awstraliýaly Genri Ýang tennis taryhyna girip, iň garry oýunçylaryň arasyndaky duşuşygy geçirdiler. Bu barada Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) metbugat gullugy habar berdi.

102 ýaşly Ýang we 97 ýaşly Lind Horwatiýanyň Bol şäherinde geçirilen ITF World Championship ýaryşynyň çärýek finalynda duşuşdylar. Olar «90+» ýaş toparynda çykyş etdiler. Duşuşyk Lindiň 6:1, 6:2 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.
Bu Ýang üçin ilkinji rekord däl. 2023-nji ýylda ol 100 ýaşynda halkara ITF turuna gatnaşan ilkinji tennisçi bolup, Malýorkada geçirilen ýekeleýin ýaryşda çykyş edipdi.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....