HPG 2025-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

  • 17.10.2025 11:39
  • 1.4k+

Halkara pul gaznasy (HPG) 2025-nji ýylyň jemi boýunça dünýä ykdysasyýetiniň ösüş çaklamasyny 3,2%-e çenli gowulandyrdy, bu bolsa öňki hasaplardan 0,2 göterim punkt ýokarydyr. 2026-njy ýyl üçin çaklama üýtgewsiz galdy we 3,1%-e barabar.

“Ykdysadyýeti ösen ýurtlarda ösüş, takmynan, 1,5%, bazary emele gelen ýurtlarda we ösüp barýan ýurtlarda 4%-den gowrak bolar” – diýlip, guramanyň hasabatynda aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, HPG global inflýasiýanyň peselmeginiň dowam etmegine garaşýar.

Gaznanyň baş ykdysatçysy Pýer-Oliwýe Gurinşa brifingde ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dartgynlygynyň güýçlenmeginiň global ösüşe täsir edip biljekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, iki ýurduň hem döwlet wekilleriniň soňky beýanlary “söwda näbelliliginiň henizem dowam edýändigini” aýdyň görkezýär.
HPG-niň çaklamasy boýunça, 2025-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň ösüşi 2%, Ýewropa Bileleşigi – 1,2%, Hytaý – 4,8%, Hindistan – 6,6% bolar. 


düýn 08:04
6.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......