Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykdy

  • 16.10.2025 09:27
  • 4.1k+

Valve Counter-Strike 2 üçin uly täzelenme çykardy, ýöne ol häzirlikçe diňe beta-synaga gatnaşyjylar üçin elýeterlidir.

Esasy üýtgeşme bombany zyýansyzlandyrmak bilen baglanyşykly boldy. Indi defýuz wagty oýunçy atyp ýa-da nyşana alyp bilmeýär: ýarag awtomatik ýagdaýda aşak düşürilýär, zyýansyzlandyrmak tamamlanandan soň, ýene atyp başlamak mümkinçiliginden öň gysga wagtlyk eglenme – 150 millisekunt goşuldy.
Şeýle-de, kompaniýa okuň geçiş ulgamyny gaýtadan işledi. Netijede, prosessora düşýän agram azaldy, atyş wagty sesler we wizual effektler bolsa indi prosessoryň dürli ýadrolarynyň arasynda has gowy paýlanýar.
Täzelenme oýnuň interfeýsine-de täsir etdi. Indi meýjoryň iň gowy pursatlarynyň gaýtalamasyny göni tomaşaçynyň menýusyndan görüp bolýar, ýarag režiminiň indikatory ok hasapçysynyň golaýyna geçirildi, saýlanan oýunçy bolsa topar tablosynda indi has aýdyň tapawutlanýar.
Täzelenme häzirlikçe diňe CS2-niň beta-wersiýasynda elýeterli we matçmeýkingi goldamaýar. Oýnuň esasy wersiýasynda üýtgeşmeler synaglar tamamlanandan soň peýda bolar.

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......