Arça pürlerinden altynyň nanobölejikleri tapyldy

  • 15.10.2025 15:19
  • 6.8k+

Ýakynda Oulu uniwersitetiniň (Finlýandiýa) alymlary ýewropa arçasynyň (Picea abies) pürlerinde altyn nanobölejikleriniň toplanyp bilýändigini ýüze çykardylar. Bu netijeler Environmental Microbiome žurnalynda çap edildi.

Alymlaryň aýtmagyna görä, bu hadysa endofitleriň — ösümlik dokumalarynyň içinde simbiotik ýaşaýan mikroorganizmleriň — kömegi bilen ýüze çykýar. Endofitler ösümliklere ýokumly maddalary özleşdirmäge, gormon öndürmäge kömek edýär we biomineralizasiýa prosesine gatnaşýar. Onuň dowamynda zäherli ýa-da organiki däl maddalar, şol sanda altyn, dokuma içinde ýygnalyp, gatamak arkaly gorag funksiýasyny ýerine ýetirýär.
Barlagda, Finlýandiýanyň demirgazygyndaky Kittilä altyn käniniň golaýynda ösýän 23 sany arça agajynyň 138 pürüniň nusgasy öwrenildi. Alymlar dört agajyň pürlerinde bakterial bioplýonka bilen gurşalan altyn nanobölejiklerini tapdylar. DNK seljermesi bu bakteriýalaryň esasan Cutibacterium, Corynebacterium we P3OB-42 görnüşlerine degişlidigini görkezdi.
Alymlaryň pikirine görä, agaçlaryň kökleri suwda erän altyny özüne siňdirýär, soňra bolsa pürlere geçirýär we endofitler onda gaty nanobölejikler görnüşinde çökýär.
Şeýle-de bolsa, bu altyny görmek ýa-da çykarmak mümkin däl: nanobölejikler öte kiçi — millimetriň milliondan biri derejesinde, şonuň üçin agaçlary çapmagyň manysy ýok. Ýöne pürleriň barlagy, altyn bölejikleriniň we ýörite bakteriýalaryň bardygyny anyklamak, täze altyn ýataklaryny gözlemekde peýdaly bolup biler.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......