Disney "Rapunseliň" kino görnüşiniň işlemegini dowam etdirer

  • 15.10.2025 14:26
  • 2.2k+

Disney kompaniýasy “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýat” atly meşhur animasion filmiň laýw-ekşn remeýkiniň üstünde ýene-de işläp başlady. Baş gahrymanlaryň biri — ene Goteliň keşbini Skarlett Ýohanssona ynanmak göz öňünde tutulýar diýip, Deadline habar berýär.

Taslamanyň režissýory “Iň beýik alypbaryjy” (“The Greatest Showman”) filmi bilen tanalýan Maýkl Greýsi bolar, ssenarini bolsa Jennifer Keýtin Robinson ýazýar. Film 2010-njy ýylda çykarylan asyl animasiýa esasynda döredilýär. Häzirlikçe ýordumyň jikme-jiklikleri, galan aktýorlar we çykarylyş senesi mälim edilmedi.
Aprel aýynda “Garpamyk” (“Snow White”) filmi kassada şowsuz bolansoň, “Rapunsel” taslamasynyň önümçiligi wagtlaýyn togtadylypdy. Indi bolsa kompaniýa bu taslamany täzeden işjeňleşdirdi.
Asylky “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýat” animasion filmi 2010-njy ýylda görkezilip, dünýäde 592 million dollar girdeji gazanypdy. Üstünlikden soň Disney “Rapunsel: Baky bagtyýar” atly gysga görnüşli spin-off-y hem-de “Rapunsel: Täze taryh” atly serialy döretdi.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....