Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

  • 15.10.2025 13:11
  • 3k+

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Dabara Ýaponiýanyň Imperatorynyň maşgalasynyň agzalary, Ýaponiýanyň Hökümetiniň, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň, Osaka perfekturasynyň ýerli häkimiýetiniň wekilleri hem-de dürli ýurtlardan birnäçe ýokary derejeli myhmanlar, dünýä ýurtlarynyň milli pawilýonlarynyň wekilleri we Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräni Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň baş sekretary H.Işige açmak bilen, Osakada geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň öz işini üstünlikli tamamlaýandygyny belläp, bu bütindünýä sergisini geçirmekde ýakyndan gatnaşan dünýä ýurtlarynyň milli pawilýonlarynyň ählisine çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra bolsa çärede Ýaponiýanyň döwlet baýdagy galdyrylyp, döwlet senasy ýaňlandyryldy.
Çärede çykyş eden Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisi boýunça ministri I.Ýositaka, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň başlygy T.Masakadzu we Osaka perfekturasynyň häkimi H.Ýosimura «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň Osaka şäherini jahankeşdeleriň tanymal mekanyna öwrendigini beýan etdiler.
Şeýle-de dabarada onuň Alyhezreti, mirasdüşer şazada Akişino we Ýaponiýanyň Premýer ministri S.Işiba çykyş etdiler.
Çärede ýylyň dowamynda bu serginiň çäklerinde geçirilen dabaralar we gyzykly pursatlar barada birnäçe wideoşekilli rolikler görkezildi. Mundan başgda, dabarada medeniýet işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.
Ýapylyş dabarasynyň jemlerinde EKSPO Bütindünýä sergisiniň baýdagy düşürilip, ol «EKSPO-2030» Er-Riýad Bütindünýä sergisini geçirmäge hukuk gazanan Saud Arabystan Patyşalygynyň wekiliýetine hormat bilen gowşuryldy.


şu gün 08:03
575

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....