Warner Bros. bahany arzan görüp, Paramount-yň satyn almak teklibinden ýüz öwürdi

  • 15.10.2025 11:27
  • 2k+

Warner Bros. Discovery mediakorporasiýasy öz bäsdeşi Paramount Scydance-iň satyn almak teklibini ret etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, Warner Bros. teklip edilen bahany “has arzan” hasaplady.

Ozal Paramount-yň her paý üçin 20 dollar töläp, Warner Bros. kompaniýasyny satyn almagy meýilleşdirýändigi habar berildi. Şeýle ýagdaýda şertnamanyň umumy bahasy, takmynan, 49,5 mlrd dollar bolardy. 14-nji oktýabrda söwda ýapylanda kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 17,78 dollardy.
Kompaniýalar entek bu mesele boýunça resmi teswir bermedi.
Çeşmeler indi Paramount-yň bahany ýokarlandyrmak, hyzmatdaşlardan maliýe goldawyny çekmek we hatda gönüden-göni Warner Bros.-yň paýdarlaryna ýüzlenmek ýaly dürli usullary gözden geçirýändigini belleýär. Ýöne kompaniýa Warner Bros.-yň ýolbaşçylygy bilen ylalaşmazdan, paýdarlara ýüz tutan ýagdaýynda, bu duşmançylykly ele salmak synanyşygyna öwrülip biler.
Paramount Skydance häzirki görnüşinde 2025-nji ýylyň awgustyndan bäri hereket edýär. Paramount bilen Skydance birleşenden soň, kompaniýanyň täze ýolbaşçysy ozal Skydance-iň baş direktory bolan Dewid Ellison boldy.
Iýunda Warner Bros. Discovery biznesi iki garaşsyz jemgyýetçilik kompaniýasyna bölmek meýilnamalary barada aýtdy: biri kinostudiýalary we akym hyzmatlaryny, beýlekisi telewizion brendleri öz içine alar.


21.01.2026 10:11
1k+

Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi

Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär...

13.01.2026 23:25
3.4k+

Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi...

19.12.2025 09:21
2.1k+

Warner Bros. Netflix bilen şertnama üçin Paramount-yň 108 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwürýär

Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi Paramount Skydance kompaniýasynyň 108,4 mlrd dollara holdingi satyn almak teklibini ret etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy paýdarlary gymmatly kagyzlary her paý üçin 30 dollar bahadan satmazlyga we Netflix bilen şertnama taýýarlanmagy dowam etdirmäge çagyrdy...

24.10.2025 16:40
967

Warner Bros. Discovery biznesi satmagy ýa-da bölmegi göz öňünde tutýar

Amerikan mediakompaniýasy Warner Bros. Discovery öz paýdarlary üçin bähbidi ýokarlandyrmak maksady bilen biznesi ösdürmegiň dürli ýollaryny öwrenýändigini habar berdi. Olaryň arasynda 2026-njy ýylyň ortasyna çenli iki kompaniýa bölünmek, tutuş biznesi satmak ýa-da bölekleýin satmak bar – Warnes...