Amazon MGM Studios Melaniýa Tramp hakynda film taýýarlaýar

  • 14.10.2025 20:31
  • 4.9k+

Amazon MGM Studios ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp hakynda dokumental film taýýarlaýar diýip, Variety habar berýär. Filmiň çykjak senesi 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna meýilleşdirilýär.

Filme “Dykyn wagty” («Час пик») atly gülküli boýewik bilen tanalýan režissýor Brett Ratner ýolbaşçylyk eder. Filmiň wakasy 2025-nji ýylda prezidentiň kasam kabul etmegine 20 gün galanda bolup geçýän döwrüň çäginde birinji hanymyň durmuşyny beýan edýär.
Taslama tomaşaçylara “Melaniýa Trampyň dünýäsine çümüp, onuň kasam kabul ediş dabarasyna taýýarlyk görşüni, Ak tamdaky geçiş döwrüniň kynçylyklaryny ýeňip geçişini we maşgalasy bilen jemgyýetçilik durmuşyna gaýdyp gelşini synlamaga mümkinçilik berýär”.
Döredijileriň belleýişine görä, filmde möhüm duşuşyklaryň hem-de şahsy gepleşikleriň özboluşly kadrlary ýerleşdiriler. ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp filmiň bilelikdäki prodýuseri hökmünde çykyş edipdir.
Kinoteatrlarda görkezilenden soň film Prime Video akym hyzmatynda elýeterli bolar. Mundan başga-da, onuň üstüni üç bölümli dokumental taslama-da ýetirer. Ol Melaniýanyň Nýu-Ýorkdaky Tramp diňi bilen Palm-Biçdäki Mar-a-Lago myhmanhanasynyň we Waşington şäheriniň arasyndaky syýahatlary barada gürrüň berýär.


şu gün 12:24
329

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
680

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

şu gün 08:03
6.6k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....