Xiaomi ýyladyşly we ses arkaly dolandyrylýan Mijia akylly ýorganyny hödürledi

  • 14.10.2025 20:14
  • 2.1k+

Xiaomi gyş gijelerinde rahat ukyny üpjün etmek üçin täze çözgüt — Mijia Smart Electric Blanket atly akylly elektrik ýorganyny tanyşdyrdy. Täze önüm 14-nji oktýabrda Youpin platformasynda 180 ýuan (takmynan 25 dollar) başlangyç bahadan satuwa çykýar.

Resmi suratlardan görnüşi ýaly, ony diňe ýorgan hökmünde däl, eýsem düşek örtügi hökmünde hem ulanyp bolýar.
Ýorgan ýumşak mahmal matadan taýýarlanylyp, görünmeýän ýyladyş elementleri bilen enjamlaşdyrylan. Kuwwaty — 80W, enjam bolsa goşa spiral ulgamyna we birnäçe howpsuzlyk funksiýalaryna eýe: aşa gyzmakdan, gysga utgaşmadan, aşa agram düşmekden gorag, şeýle hem çagalarda ýanyk şikesini almagynyň öňüni alýan ýörite çäreler bar. Ölçegi — 1,8 x 0,8 metr.

Ýorgan Xiao AI ses kömekçisi bilen integrirlenip, ýylylygy ses arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem Mijia programmasy arkaly ýylylygy sazlap, işleme wagtyny tertiplemek we “sakyrtgany aýyrmagyň tertibini” işjeňleşdirmek bolýar — bu režim ýatylýan ýeriň arassalygyny we gigiýenasyny üpjün edýär.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...