Timex 1975-nji ýylyň meşhur sanly sagat modeline gaýdyp geldi

  • 14.10.2025 13:50
  • 5.1k+

Timex amerikan brendi özüniň ilkinji SSQ Quartz Digital sanly sagadynyň täzelenen wersiýasyny çykardy. Ol 1975-nji ýyldaky modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy.

Täze sagat Q Timex 1975 SSQ adyny aldy we wintaž dizaýny döwrebap elektronika we has ýokary hilli materiallar bilen utgaşdyryp, tanyş minimalistik stili saklaýar.
Öz döwründe ilkinji SSQ sagady Timex üçin möhüm pursat bolupdy: bu şol wagtlar düwmäni basanyňdan soň wagty görkezýän meşhur LED modellerinden tapawutlylykda kompaniýanyň  hemişe işjeň LCD displeýli ilkinji sagadydy.
Häzirki wersiýa ýalpyldysyz poslamaýan polatdan korpusa, iki gapdal düwmä, 50 metre çenli suwdan goraga we wagty, senäni hem taýmeri görkezýän hemişe ýanyp duran ekrana eýe boldy. Korpusyň ölçegi – 38x13 mm, bilezigiň ini – 19 mm. Sagat ilkinji model ýaly CR2016 batareýasy bilen işleýär, ýöne öndüriji awtonom iş wagtyny görkezmeýär.
Model kolleksionerler we retro-dizaýna baha berijiler, şeýle-de sadalygy we ygtybarlylygy saýlaýan müşderiler üçin niýetlenýär. ABŞ-da täzelenen Q Timex 1975 SSQ-nyň bahasy $159.
Ýaponiýada satuw eýýäm başlandy, global reliz gijräk bolar.

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......