YouTube blok edilen awtorlara öz kanallaryna gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär

  • 14.10.2025 13:40
  • 1.8k+

YouTube platformasy Second Chance (“Ikinji mümkinçilik”) programmasynyň işe giriziljekdigini habar berdi. Ol ozal bloklanan awtorlara platforma gaýdyp gelmäge we öz kontentini dikeltmäge mümkinçilik berer.

Programma günäkär däldigini subut etmegiň ähli tapgyryndan geçen we öz kanallaryny dikeldip bilmedik ulanyjylar üçin niýetlenýär. Indi olar täze programma gatnaşmak üçin ýüz tutup biler.
Arza her bir ulanyjy üçin aýratyn gözden geçirilýär – YouTube hünärmenleri öňki düzgün bozmalaryň agyrlygyna we platformanyň häzirki düzgünlerine laýyk gelýändigine baha berer. Kanaly dikeltmek mümkinçiligini islendik adam alyp bilmez: programma awtorlyk hukugyny bozmak bilen bagly ýagdaýlara degişli däldir.
Arza makullanan halatynda ulanyjylar täze kanal döredip, öz wideolaryny şoňa gaýtadan ýükläp biler. Bu funksiýanyň elýeterlidigi baradaky habar ýakyn aýlarda YouTube Studio-da peýda bolar.


14.06.2026 14:07
3.6k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......