Walletta syýahatçylaryň pikiri boýunça dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip ykrar edildi

  • 14.10.2025 13:08
  • 7.6k+

Maltanyň kiçijik paýtagty – Walletta Condé Nast Traveller žurnaly tarapyndan dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip hasaplandy. Şäher Readers’ Choice Awards 2025 reýtinginde birinji orny eýeläp, Pariž, Afina we Lissabon ýaly uly syýahatçylyk şäherlerinden öňe geçdi diýip, BILD habar berýär.

Ses bermäge 182 müňden gowrak okyjy gatnaşdy. Olar şäherleriň medeniýetine, aşhanasyna we myhmansöýerligine baha berdi. Walletta 100-den 97,33 bal alyp, diňe bir Ýewropanyň iň gowy ugry däl, eýsem syýahatçylar üçin dünýäniň iň özüne çekiji şäherleriniň biri boldy.
Maltanyň syýahatçylyk ministri Ýan Borg baýragyň “syýahatçylaryň Malta halkynyň medeni mirasyna we myhmansöýerligine çuňňur minnetdarlygyny görkezýändigini” belledi.
Meýdany bir inedördül kilometrden kiçi bolan şäher açyk asmanyň astynda hakyky muzeý hasaplanýar. Bu ýerde barokko stilinde gurlan köşkler, gadymy gala diwarlary, buthanalar we darajyk köçeler saklanyp galypdyr. Walletta XVI asyrda Malta ordeniniň rysarlary tarapyndan esaslandyryldy we 1980-nji ýyldan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Maltanyň paýtagty “Gladiator” we “Troýa” ýaly köp sanly meşhur filmleriň düşürilen ýeri hökmünde-de bellidir. Bu ýerde “Tagtlaryň oýnunyň” birinji bölümi-de düşürildi we Walletta Patyşalyk Gawanynyň prototipi bolup hyzmat etdi. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......