IDC: global kompýuter bazary Windows 11-e geçilmegi netijesinde ösdi

  • 13.10.2025 09:29
  • 1.7k+

IDC amerikan analitik kompaniýasynyň hasabatyna görä, dünýä boýunça kompýuter üpjünçiligi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,4% artdy we 75,8 million birlige ýetdi.

Bu ösüş esasan Windows 11 operasion ulgamyna geçmek üçin köne kompýuterleriň çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde bazaryň ösüş depgini sebitlere görä ep-esli tapawutlandy.
Demirgazyk Amerikada bazar ABŞ-nyň import gümrük nyrhlarynyň ýokarlanmagy we makroykdysady näbellilik sebäpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle hem, Windows 11-e laýyk täze kompýuterlere bolan isleg ýokary bolmagynda galýar we bu tendensiýanyň 2026-njy ýyla çenli dowam etjekdigi çak edilýär.
Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde (Ýaponiýa, Hytaý) bolsa iki sanly ösüş hasaba alyndy. IDC-niň Worldwide Device Trackers bölümçesiniň barlaglar boýunça uly menejeri Maçek Gorniskiň bellemegine görä, isleg esasan Ýaponiýada Windows 10-a goldawyň tamamlanmagy we GIGA bilim taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen artdy.
Sebitiň beýleki ýurtlarynda bolsa ösüş ykdysady we syýasy kynçylyklar hem-de Windows 11-iň haýal ornaşdyrylmagy sebäpli ortaça boldy. Şeýde-de bolsa, enjamlary täzelemek üçin mümkinçilikler henizem saklanyp galýar.


03.03.2026 13:28
648

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.6k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
959

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

26.01.2026 21:51
1.6k+

Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy Microsoft 365 platformasyna täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. Ol iş berijilere iş wagtynda işgärleriniň nirededigini Teams arkaly yzarlamaga mümkinçilik berer. Şahsy durmuşa gatyşmak bilen bagly jedeller sebäpli, bu täzeligiň girizilmegi ýanwar aýyndan mart aýyna süýşürildi...